Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ tarapyndan käbir ýurtlaryň, şol sanda Gyrgyzystanyň raýatlaryna girizilmegi mümkin wiza çäklendirmeleri bilen baglanyşykly metbugatda peýda bolan maglumatlaryň fonunda, bu meseläniň resmi taýdan düşündirilmegi üçin Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň konsulynyň çagyryljakdygyny habar berdi.
Ministrligiň 15-nji iýundaky maglumatyna görä, ABŞ häzirki wagtda daşary ýurt raýatlarynyň ýurduň çägine girmegini düzgünleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, migrasiýa syýasatyny gaýtadan gözden geçirýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wagta çenli ABŞ tarapyndan Gyrgyzystanyň raýatlaryna degişli haýsydyr bir çäklendirme girizilendigi barada resmi maglumat bolmady.
15-nji iýunda “The Washington Post” neşiri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi hatyna salgylanyp, Gyrgyzystanyň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara girmegine çäklendirme giriziljek ýurtlaryň sanawyna goşulandygyny ýazdy.
Neşirde çap edilen sanawda 36 döwlet görkezilýär.
Mundan ozal, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12 ýurduň raýatlarynyň ABŞ-a girmegi gadagan etdi ýa-da çäklendirdi. Türkmenistanyň raýatlaryna hem ABŞ-a girmegine bölekleýin çäklendirme girizildi. Resmi Aşgabat bu kararyň “gyssagly ädim” bolandygyny aýtdy.