Ýewropa liderleriniň Ukrainanyň günortasyndaky Odessa şäherinde geçirilýän sammite ýygnanýan wagty, 11-nji iýuna geçilen gije Russiýanyň dron zarbalary netijesinde Harkiw şäheriniň iki etrabynda azyndan üç adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.
Harkiw şäheriniň häkimi Igor Terehowyň aýtmagyna görä, şähere jemi 17 dron bilen hüjüm edlipdir. Dronlar köp gatly jaýlara, ýaşaýyş öýlerine, çagalar meýdançalaryna, kärhanalara we jemgyýetçilik ulaglaryna zarba urdy.
Terehowyň sözlerine görä, güýçli zarbalar sebäpli Slobidskiý etrabyndaky bäş gatly ýaşaýyş jaýynyň 15 öýünde ýangyn döräp, Osnowýanskiý etrabynda bolsa birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetipdir.
“Kwartiralar ýanýar, üçekler weýran boldy, ulaglar ýandy, penjireler döwüldi” diýip Terehow, harabalaryň aşagynda adamlaryň galan bolmagynyň mümkindigini hem belledi.
“Biz berk durýarys. Biri-birimize kömek edýäris. Elbetde, biz aman galarys” diýip Terehow aýtdy. “Harkiw Ukrainadyr. Ony syndyrmak mümkin däl” diýip, häkim sözüne goşdy.
Sebitiň gubernatory Oleg Sinehubowyň maglumatyna görä, hüjüm netijesinde ýüze çykan ýangynda agyr ýanan 65 ýaşly adamyň heläk bolmagy bilen, ölenleriň sany üçe ýetdi.
Sinehubow Telegram kanalynda ýaralananlaryň dokuzsynyň, şol sanda 2 ýaşly gyzyň we 15 ýaşly oglanyň hassahana ýerleşdirilendigini mälim etdi.
Russiýa atyşyklary şert goýmazdan bes etmek baradaky çagyryşlary ret edip, ýowuzlygy soňlamak boýunça geçirilen, kän öňegidişlik gazanylmadyk gepleşiklere hem garamazdan, Ukrainanyň çägine edýän hüjümlerini güýçlendirýar.
Bu zarbalar Russiýanyň çägindäki uzak aralyga uçýan onlarça bombalaýjy uçara zeper ýetiren dron hüjümlerine jogap hökmünde, Moskwanyň Ukrainanyň şäherlerine garşy soňky günlerde geçiren giň gerimli zarbalarynyň dowamy boldy.
Hepdäniň başynda adam pidaly howa zarbalaryna sezewar bolan Odessa şäherinde, günorta-gündogar Ýewropanyň howpsuzlyk meselelerine bagyşlanylan sammit geçirilýär. Bu sammite Rumyniýa, Moldowa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Horwatiýa we Serbiýa ýaly 12 Ýewropa ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Serbiýanyň 12 ýyldan bäri häkimiýet başyndaky prezidenti Aleksandr Wuçiçiň sammite gatnaşmagy, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina giň möçberli urşy başlaly bäri, onuň Ukraina edýän ilkinji sapary bolar.
Moskwanyň ýarany hökmünde görülýän Belgrad Russiýa garşy halkara sanksiýalara goşulmakdan ýüz öwürýär. Emma Ýewropa integrasiýasyny maksat edinýän Serbiýa, Ukrainadaky urşy ýazgardy we ýurduň territorial bütewiligini goldaýandygyny mälim etdi.
Şol bir wagtda Waşingtonda ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset, Birleşen Ştatlaryň 2026-njy ýyl üçin býujetinde Ukraina berilýän harby kömegiň azaldyljakdygyny mälim etdi.
“Bu administrasiýa konflikte düýbünden başgaça garaýar” diýip Hegset 10-njy iýunda Kongres komitetiniň öňünde çykyş etdi. “Biz gepleşikler arkaly gazanylan parahat çözgüdiň taraplaryň ikisiniň hem bähbidine we ýurdumyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýarys” diýip, ol nygtady.
Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Georgiý Tyhiý mundan öň beren beýanatynda Birleşen Ştatlaryň harby kömeginiň Ukraina gelmegini dowam edýändigini we ukrain diplomatlarynyň onuň dowam etmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdy.
Forum