Ýakyn Gündogardaky söweşleriň täze öjükmesine gönükdirilip, 14-nji iýunda geçirilen telefon jaňyndan soň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “edil men ýaly Ysraýyl-Eýran söweşiniň gutarmalydygyny duýýar” diýip, sosial ulgamlarda ýazdy.
Söhbetdeşlik baradaky ýazgysynda Tramp Putine "onuň söweşiniň hem gutarmalydygyny" aýdandygyny belledi.
Bilgeşleýinmi ýa ýok, emma soňky teswir Moskwanyň ikiýüzliligini görkezýän ýalydy: Üç ýyldan gowrak wagt bäri müňlerçe ukrain raýatyny öldüren we köplenç gijeki hüjümlerde frontdan uzakda ýerleşýän öýleri nyşana alan Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyly "esas berilmedik hüjümleri" bilen "asuda uklaýan şäherlere" zarba urmakda ýazgardy.
Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky duşmançylyk, Moskwanyň Ukraina çozuşyny bes etmegine ýakynlaşdyrmajaga meňzeýär, Russiýanyň mundan peýdalanmagynyň birnäçe usuly bar.
Soňunda, bu aýlara ýa-da ondanam köp dowam edip biljek söweşe düýpgöter täsir ýetirip bilmez.
Ýakyn Gündogardaky ganly ýangynyň Ukrainadaky söweşe ýetirip bijek täsirlerini alyp göreli.
Pilotsyz uçarlar we ünsi sowmak
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Hamasyň Ysraýyla eden hüjümi we ondan soňky Gaza söweşi ýaly, Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky söweş möhüm bir döwürde Günbataryň Russiýanyň Ukrainany basyp almagyndan ünsüni özüne çekýär.
Bu, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Günbataryň beýleki ýurtlarynyň Moskwa garşy berk täze sanksiýalary girizmek ýa-da girizmezlik meselesine seredýän pursadyna gabat geldi. Kiýew we käbir Ýewropa liderleri Russiýanyň parahatçylyk gazanmak islemeýändigini we söweş meýdanyndaky pozisiýasyny gowulaşdyrmak üçin parahatçylyk prosesini yza çekmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.
Sanksiýalar we Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça karar "Uly-7" guramasynyň 17-nji iýunda tamamlanjak üç günlük sammitinde peýda bolup bilerdi, emma Ysraýyl-Eýran konflikti bu meseläni yza çekip biler.
Ýakyn Gündogardaky ýagdaý Günbatar ýaraglary, pul we beýleki serişdeler barada aýdylanda Ukrainadaky söweş bilen bäsleşip biler.
Günbataryň Moskwanyň söweş maşynyny gowşatmak ugrundaky tagallalary esasan nebit girdejilerini azaltmak tagallalaryna gönükdirilýär. Şeýlelik bilen Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky söweşiň netijesinde nebitiň bahasy ep-esli ýokarlansa, Kiýew we onuň tarapdarlary üçin kynçylyk döräp biler.
Bu faktorlar, Ukraina üçin söweş meýdanyndaky ýagdaýy agyrlaşdyryp biler, Russiýanyň güýçleri örän haýal we adam ýitgileriniň ägirt möçberi arkaly bolsa-da, öňe saýlanýarka, Kiýew 2023-nji ýyldan bäri uly bir öňegidişlik gazanyp bilmedi.
Kreml Ýakyn Gündogardaky zorluklardan uly peýda görmegi umyt edip biler.
Moskwada ýerleşýän Strategiýalary we tehnologiýalary seljermek merkeziniň müdiri Ruslan Puhow Russiýanyň resmi gazeti "Rossiýskaýa Gazeta"-da şeýle ýazdy: "Eýranyň özünden başga, bu ýagdaýda iň uly harby we syýasy zyýany Ukraina çeker".
"Ýakyn Gündogarda täze uruş dünýäniň ünsüni diňe bir [Russiýanyň Ukraina çozmagyndan] sowmak bilen çäklenmän, ABŞ-nyň harby kömeginiň ugruny üýtgedip, Ysraýyla gönükdirmegine getirip biler" - diýip, Puhow belledi.
Mundan başga-da, Puhow Ysraýylyň Eýrana edýän zarbalarynyň “Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketlerini tankytlamagyň agramyny pese gaçyrjakdygyny” we nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň “Ukrainanyň we Günbatar Ýewropa ýaranlarynyň Russiýanyň nebit girdejileriniň azalmagy baradaky umytlaryny puja çykarjakdygyny” ýazdy.
Beýleki tarapdan, Russiýanyň Ukraina garşy ulanýan ýaraglarynyň, ýagny Eýranyň "Şahed" kysymly pilotsyz uçarlarynyň üpjünçiligine has göni täsir edip biler.
Emma Russiýa häzirki wagtda "Şahed" esasynda gurlan pilotsyz uçarlaryň köpüsini öndürýär. Bu barada 14-nji iýunda Russiýa we Ýakyn Gündogar boýunça bilermen Hanna Notte X-da belläp geçdi.
Söweş meýdanynda
15-nji iýunda irden, Eýran bilen Ysraýyl ölümli zarbalaryny dowam etdirýärkä, Tramp “Eýran bilen Ysraýylyň arasynda aňsatlyk bilen şertnama baglaşyp bileris we bu ganly çaknyşygy bes edip bileris !!!” diýip ýazdy.
Tramp muny amala aşyrmak isleginde, iň bolmanda häzirlikçe Russiýanyň Ukraina garşy urşuny bes etmek ugrundaky tagallalaryndan ileri tutup biler. Ol ýanwar aýynda täze prezidentlik möhletine bellenende urşy bir-iki günüň içinde çözüp boljakdygyny öňe sürüpdi.
Ol Putiniň parahat ilata garşy ganhor hüjümlerden el çekmekden ýüz öwürmegine nägilelik bildirdi, emma şu wagta çenli Moskwa täze sanksiýalary girizmekden saklandy.
Putin peýdaly bolup bilermi?
Tramp Putin bilen ozal, ýagny 4-nji iýunda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, ABŞ-nyň Eýranyň ýadro işjeňligini çäklendirmek barada Tähran bilen şertnama baglaşmak meselesine tarap edýän tagallalary üçin Putiniň "belki-de peýdaly bolup biljekdigini" ýazypdy.
Kreml 14-nji iýunda Tramp bilen jaňlaşan Putiniň "rus tarapynyň araçylyk tagallalaryny etmäge taýýardygyny" aýtdy.
Günüň ertesi Tramp "ABC News" habar gullugyna beren interwýusynda araçy bolmaga Putin üçin "açykdygyny" aýtdy.
Diplomatik taýdan abraýa eýe bolmak islegi goşa netije berip biler: Putiniň Ýakyn Gündogarda güýçli rol oýnamagy, onuň Ukrainadaky konflikt babatynda has konstruktiw bolmagyna iterip biler.
Ýöne ol uly eglişik etjege meňzänok - onuň Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky söweşlerde güýçli rol oýnamakdaky islendik üstünliginiň Ukraina babatynda öz täsirini güýçlendirip biljegine garaşýan bolmagy ähtimal.
Putin üçin “Ukraina esasy mesele bolmagynda galýar” diýip, Notte ýazdy.
Forum