Soňky günlerde Türkmenistanyň ekin meýdanlaryna dökülen çekirtge sürüleri bir ýerden beýleki ýere uçanlarynda, olaryň kölegeleri Gün şöhlesiniň öňüni tutýar, olar süýşüp gelýän gara bulutlary ýatladýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Daýhanlary hökümetiň çekirtge belasyna garşy hiç bir çäre görmeýändigini öňe sürýärler.
Azatlyk bilen gürleşen adamlar ýurduň ähli ýerinde çekirtgeleriň ekilen ekinlere we öňden gögerip oturan baglara uly howp salýandygyny, ilki Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda köpelen çekirtgeleriň häzir Balkan sebitine hem çozýandygyny aýdýarlar.
Sosial mediada hem çekirtgeli wideolar paýlaşylýar, adamlaryň teswirlerinde her ýyl bir belanyň tapylýandygy aýdylýar, häkimiýetler bolsa hiç bir reaksiýa bildirmeýär. Bu golaýda Daşoguzda ekinleri we beýeleki emläkleri ýagyş, doly zaýalanda hem şeýle bolupdy.
Ahal sebitiniň Babadaýhan, öňki Oguzhan etrabyna ýagan çekirtgäni gören daýhanlar beýle köp, uly çekirtgeleriň ýaganyny ilkinji gezek görýändiklerini aýdýarlar.
Hökümet çekirtgä garşy 'hiç çäre görmeýär'
Türkmenistana çozan çekirtgeleriň bir bölegi
“Çekirtgeleriň her biri uly adamyň barmagy ýaly, gaty iri, geçip barýan ýerleriniň ot-çöpüni, ekin meýdanlarynda ekilen ekinleri, nahallary tekizläp, iýip barýar. Pomidor, gawun-garpyz, gowaça baldaklaryny, çöl ýerlerdäki sazak, ojar ýaly agaçlar gemrip, diňe çöp edip barýar” diýip, babadaýhanly kärendeçi çekirtge sürüsiniň ýüzüniň Sarahsa tarapdygyny hem sözüne goşdy.
“Türkmenistan bul çekirtgä garşy hiç çäre görmeýär, öň ak möjek ýaganda hem adamlaryň özleri ot ýakyp, çäre gördi. Häzirem hökümetden goldaw ýok. Adamlar näme etjegini bilenok. Köp adamyň ekini, bar eden azaby puja çykdy” diýip, ahally daýhan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, çekirtgeler diňe meýdandaky ekinlere däl, oba ýerlerindäki melleklere, baglara hem uly zyýan ýetirdi.
“Işigimizde ekilen gök, bakja ekinlerimiziň işini gördi... Häzir täze ekilen bag agaçlarynda ýekeje-de ýaprak galmady. Ýaşaýjylaryň özleriniň bulara garşy göreşip, öňüni alyp bilmegi hiç mümkin däl. Bular bir ýerde durmaýarlar, bir ýerden beýleki ýere gaty uly tizlik bilen göçýärler, her düşen ýerlerini gury ýer bilen tekizläp, başga ýere geçip gidýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi daýhanlaryň derman satyn alyp, ekin meýdanlaryna sepmeklerinden netije bolmandygyny, häkimiýet wekillerinden hiç bir kömegiň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
“Häkimliklerden kömek ýok. Hemişeki bolşy ýaly, adamlar öz problemasyny özleri çözmeli bolýar. Häkimlikler diňe pul çöplemeli bolanda öz işlerini aktiw ýerine ýetirýärler” diýip, bu aýdylýanlary aýratynlykda gürleşilen başga bir daýhan hem tassyk etdi.
"Içerini ýelejiretmek üçin penjireleri açmaga zar bolduk"
Türkmenistana çozan çekirtgeleriň bir bölegi
Balkandaky habarçymyz çekirtgeleriň ilatyň ýaşap oturan jaýlaryna hem kürsäp urýandygyny, adamlaryň yssy howada içerini ýelejiretmekden hem saklanmaly bolýandyklaryny habar berdi.
Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylary Azatlyga öýleriniň howasyny çalyşmak üçin penjirelerini açmaga zar bolandyklaryny, açylan ýerlerden, howa çekiji turbalardan giren çekirtgeleriň adamlary bimaza edýändigini gürrüň berdiler.
Çekirtgeler diňe ekinleri, baglary däl, meýdanda aldygyna çekirtge awlaýan guşlary hem heläk edýär.
Adatça bolşy ýaly, ýabany guşlar çekirtgeleri tutup iýýär, ýöne guşlar az, çekirtgeler bolsa gaty kän. Olar bir ýerden beýleki ýere uçanlarynda, çekirtge sürüsiniň kölegeleri Gün şöhlesiniň öňüni tutup, gara bulut süýşüp gelýän ýaly duýgy döredýär.
“Meýdandaky guşlar çekirtgeleri çokup, ýeke-ýekeden ýok edýän wagty olaryň çüňklerine şepbeşik suwuklyk ýelmeşýär. Bu suwuklyk guşlaryň çüňklerini ýelim çalnan ýaly edýär. Olara tiz-tizden suw gerek bolýar. Şu sebäpden adamlar meýdanlarda çelekleri suwdan dolduryp goýýarlar” diýip, balkanly daýhan ýerli tejribäni paýlaşdy.
“Guşlar her 10, 15 minutdan suwa gelip, arassalanyp, ýene-de çekirtgeleri ýok etmegini dowam etdirýär” diýip, ol aýtdy.
Daýhanlar, ýurt 'uly zyýana galýar'
Daýhanlaryň öz ekinlerini goramak üçin görýän çäkli çärelerine we meýdandaky ýabany guşlaryň alyp barýan ‘çekirtge urşuna’ garamazdan, hünärmenler sebit ýolbaşçylarynyň derhal merkezi hökümete çykyp, ekini ýok edýän zyýanly mör-möjeklere garşy zerur bolan derman serişdelerini we zerur tehnikany talap etmelidigini, ýogsa hem daýhanlaryň, hem ýurduň uly zyýana galjakdygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýärAdatça daýhanlary öz kynçylyklary bilen başa-baş goýmakda tankytlanýan Türkmenistan geçen ýyl, Özbegistandan, Gazagystandan gelen çekirtge habarlarynyň arasynda, sebitlerde çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk çärelerini maslahatlaşdy.
Ýöne bu ýyl beýle ýygnaklaryň geçirilip-geçirilmändigi belli bolmady. Oba hojalyk ministrliginiň web sahypasynda diňe gazanylýan üstünlikler, hususan-da bugdaý oragy barada habar berilýär.
Çekirtge habary türkmen prezidentiniň Ak bugdaý etrabyna baryp, galla oragyna ak pata bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
1990-njy ýyllaryň başyndan bäri özüni galla bilen üpjün etmäge çalyşýan Aşgabat adatça tebigy ýagdaýlaryň bugdaý hasylyna ýetirýän zyýanyny ýaşyrýar we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini öňe sürýär.
Degişli maglumat Çekirtge howpy, zyýankeşler daýhanlary 'ünjä goýýar'Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.