16-njy iýunda Russiýa Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň ýene 1 müň 245 harby gullukçysynyň jesedini ukrain tarapyna berdi. Bu barda Ukrainanyň Harby ýesirler boýunça utgaşdyryjy ştaby habar berdi.
Maglumatda munuň 2-nji iýunda Stambulda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çäginde jesetleriň yzyna berilmeginiň jemleýji tapgyry bolandygy aýdylýar. Jemi hasapda, ukrain tarapy 6 müň 057 adamyň jesedini yzyna aldy. Harby ýesirler boýunça utgaşdyryjy ştab bu jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy boýunça degişli proseduralaryň geçiriljekdigini hem belläp geçdi.
Russiýanyň gepleşiklerdäki wekili Wladimir Medinskiý bolsa, Russiýanyň Stambulda beren wadalarynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Onuň maglumatyna görä, ukrain tarapyna 6 müň 060 harby gullukçynyň, ýagny ofiserleriň we esgerleriň jesetleri berildi. Russiýa bolsa öz tarapyndan 78 harbynyň jesedini yzyna aldy.