Ysraýyl, Eýranyň raketa zarbalarynyň Tel-Awiw we Haýfa şäherlerinde 8 adamyň ölümine getirmeginden soň, Tähranyň ýaşaýjylarynyň “munuň bahasyny tölejekdigini” duýdurdy. Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky hüjümleriň güýçlenmegi, Kanadada geçirilýän G7 sammitiniň gün tertibinde-de möhüm mesele bolup durýar.
Ysraýylyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli gullugy 13-nji iýundan bäri Eýranyň hüjümlerinde 23 adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Bu hüjümler Ysraýylyň Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly ýadro we harby desgalaryna garşy amala aşyran zarbalaryna jogap hökmünde başlapdy. Eýran häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Ysraýylyň hüjümlerinde şol döwürde azyndan 224 adam öldi.
16-njy iýunda irden Eýranyň Haýfa şäherine eden hüjümlerinde 100-den gowrak adam ýaralandy. Halas edijiler şäherde harabalarda gözleg işlerini dowam etdirýärler. Tel-Awiwde bolsa birnäçe ýaşaýyş jaýyna raketalar degdi. Zyýan çeken jaýlaryň käbiri ABŞ-nyň konsullygynyň golaýynda ýerleşýär.
Ysraýylyň Goranmak ministri Ysraýyl Kats “Tähranyň ýaşaýjylary munuň bahasyny ýakyn wagtda tölärler” diýip, Eýrany ýaşaýyş jaýlaryny bilkastlaýyn nyşana almakda aýyplady.
Degişli maglumat Ysraýylyň Eýrana eden hüjümi harbylara täsir etdi, emma Tähranyň ýadro işjeňligini güýçlendirip bilerYsraýylyň Tähranda ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň we ýadro alymlarynyň ýaşaýan ýerlerine hüjüm etmegi Eýranyň paýtagtynda gowgaly ýagdaýlary güýçlendirdi. Şäherden demirgazyga tarap uzaýan ulag hatarlarynyň emele gelendigi aýdylýar.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ysmaýyl Baghaýei 16-njy iýunda BMG-ni “Ysraýylyň agressiýasyny ykrar etmäge we ýazgarmaga” çagyrdy. Ol şeýle-de ABŞ-ny Ysraýylyň hüjümlerine ýardam bermekde aýyplady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 15-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň konflikte gatnaşmaýandygyny aýtdy, ýöne Ysraýyl bilen Eýranyň birek-birege edýän hüjümleriniň dowam etmegi bilen, ýagdaýlaryň “üýtgemeginiň mümkindigini” duýdurdy.
Tramp G7 sammitine gitmezinden öň žurnalistlere beren jogabynda ABŞ-nyň Ysraýyly goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy, ýöne goşmaça ädimler barada jikme-jik maglumat bermedi.
15-nji iýunda ABC News telekanalyna beren interwýusynda, Trampa üç gün ozal başlanan konflikte ABŞ-nyň has işjeň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy soraldy.
Tramp: “Biz häzir munuň içinde däl, ýöne goşulmagymyz mümkin. Ýöne häzirki wagtda biz oňa gatnaşmaýarys” diýip, jogap berdi
Şeýle-de ol konfliktiň bes edilmegi üçin ylalaşyga umyt edýändigini aýtdy:
“Men ylalaşygyň wagtynyň ýetendigine ynanýaryn we ýagdaýlaryň nähili özgerjekdigini göreris. Käte olar özara uruşmaly bolýar, ýöne biz ýagdaýyň nähili boljagyny görmeli bolarys” diýip belledi.
Konfliktiň Ýakyn Gündogaryň beýleki sebitlerine ýaýramak howpunyň arasynda, 15-nji iýunda Ýemeniň huthi topary Ysraýyla garşy Eýran bilen utgaşyklylykda raketa zarbalaryny amala aşyrandygyny aýtdy.
Bu Eýran bilen ýakyn gatnaşyklary bolan toparyň, Tähran bilen utgaşykda hüjümi amala aşyrandygyny ilkinji gezek açyk mälim etmegi boldy.
Bu howa zarbalary ABŞ bilen Eýranyň arasynda Omanyň paýtagtynda 15-nji iýuna meýilleşdirilen ýadro gepleşikleriniň täze tapgyrynyň ýatyrylmagyna sebäp boldy.
Eýran Ysraýylyň hüjümlerinden soň gepleşikleriň “manysyz” bolandygyny aýtdy. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi döwlet metbugatyna gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň hiç hili esasynyň galmandygyny aýtdy.
Eýranyň parlamentiniň deputatlary ýakyn günlerde ýurduň Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy baradaky şertnamasyndan (NPT) çykmagy boýunça kanun taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýärler.