Ysraýylyň harby güýçleri Eýranyň günbatar sebitlerinde birnäçe nyşana garşy giň möçberli howa hüjümlerini amala aşyrandygyny mälim etdi. Şol bir wagtda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kanadada geçirilýän “Ýedilik toparynyň” (G7) sammitinde çykyş edip, konflikte diňe wagtlaýyn däl-de, “hakyky soň goýmaga” çagyrdy.
“Men ýönekeý ok atyşlygyň bes edilmegini däl, ok atyşlykdan has gowy zady gazanmak isleýärin. diýip, Tramp Kanadanyň Alberta welaýatynda Air Force One uçaryndan žurnalistlere aýtdy. Ol “ok atyşlyklaryň bes edilmegini däl-de”, munuň “hakyky manyda soňlanmagyny” maksat edinýändigini aýtdy.
Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda dowam edýän howa zarbalarynyň bäşinji gününde, 17-nji iýunda Ysraýylyň harby güýçleri general Ali Şadmaniniň öldürilendigini mälim etdiler. Ol 13-nji iýunda general-maýor Golam Ali Raşidiň ölüminden soň, Eýranyň ýaragly güýçleriniň operasiýa merkeziniň, ýagny Hatem ol-Anbiýa baş ştabynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenipdi.
Degişli maglumat Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk türkmen gazynyň Eýranyň üstünden akdyrylmagyny soraga goýýar - bilermenEýran häkimiýetleri yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň ýokary derejeli generaly bolan Şadmaniniň öldürilendigini entek resmi taýdan tassyklamady.
Donald Tramp 16-njy iýunda giçlik sosial mediada çykyş edip, “ähli adamlary Tährandan gyssagly çykmaga” çagyrdy.
“Eýran meniň olara gol çekmegi ündän ylalaşyga gol çekmelidi. Men olara muny gaýta-gaýta aýtdym. Nähili gabahatlyk we adam janlarynyň ýitgisi. Gysgaça aýdylanda, EÝRAN HIÇ BIR ÝAGDAÝDA ÝADRO ÝARAGYNA EÝE BOLUP BILMEZ. Indi ähli adamlar Tährandan gyssagly çykmaly!” diýip, ABŞ-nyň prezidenti Truth Social platformasynda ýazdy.
CNN telekanaly Ak tamdaky çeşmä salgylanyp, Trampyň bu beýanatynyň Eýrana diplomatiki basyş etmek maksady bilen edilendigini habar berdi.
Mundan öň, Ysraýylyň harby ýolbaşçylygy hem Tähranyň bir etrabynyň ýaşaýjylaryna ewakuasiýa bolmak barada duýduryş berdi.
Trampyň gitmezinden ozal, G7 sammitinde ABŞ, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we Britaniýanyň liderleri bilelikdäki beýannat kabul edip, onda parahat ilatyň goralmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle-de, olar Eýranyň “hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolup bilmejekdigini” we Ysraýylyň “özüni goramak hukugynyň bardygyny” tassykladylar.
Eýran G7-niň bu beýanatyny “Ysraýylyň aç-açan agressiýasyny, şeýle-de Eýranyň parahatçylykly ýadro infrastrukturasyna bikanun hüjümleri görmezlige salmak” hökmünde tankyt etdi.
17-nji iýunda Eýranyň ýerli mediasy Tähranda birnäçe güýçli partlamanyň bolandygyny habar berdi. Partlamalardan soň şäheriň gündogar böleginde goýy tüssäniň asmana galýandygy görse boldy.
Mundan başga-da, Eýranyň esasy uran baýlaşdyryş desgasy ýerleşýän Natanz şäherinde-de howa goranyş ulgamynyň işländigi aýdyldy.
Hüjümleriň dowam etmegi bilen, müňlerçe adam Tährany terk etmäge synanyşýar. Ulaglaryň köpçülikleýin şäherden çykmak synanyşygy uly ýol dykynlaryna we ýangyç ýetmezçiligine sebäp boldy.
“Tährany terk etmek gaty çylşyrymly. Üstesine-de barjak ýeriň hem bolmaly. Köp adamlar yzyna dolanyp barjak ýerleriniň hem howpsuz däldigini bilýärler” diýip, şäher ýaşaýjysy Mina Azatlygyň Eýran gullugy, Radio Farda gürrüň berdi.
Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýrana garşy ilkinji giň gerimli hüjüminden soň, ABŞ-nyň bu hüjümlere gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky soraglar açyk bolmagynda galýar. Tramp ABŞ-nyň şu wagta çenli bu hüjümlere gatnaşmandygyny gaýtalap nygtady, şol bir wagtda Waşingtonyň geljekde harby taýdan goşulmagynyň mümkindigi baradaky soraglara anyk jogap bermedi.
“ABŞ konflikte haýsy ýagdaýda harby taýdan goşular?” diýen soraga Tramp: “Men bu barada häzir gürrüň etmek islemeýärin” diýip jogap berdi.