Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe parlamentiniň agzasy türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrdy


“Türkmenistanda demokratiýanyň ýokdugyny tutuş dünýä bilýär" diýip, türk syýasatçysy aýtdy.
“Türkmenistanda demokratiýanyň ýokdugyny tutuş dünýä bilýär" diýip, türk syýasatçysy aýtdy.

Türk parlamentiniň agzasy we adam hukuklarynyň goraýjysy Omer Faruk Gergerlioglu Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Abdulla Orusowyň we Alişer Sahatowyň yzyna ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrdy. 3-nji iýundaky bu çykyşa türkmen.news neşiri ünsi çekdi.

Aktiwistleriň egindeşleri we hukuk goraýjylar olaryň Türkmenistana dolanan halatynda yzarlamalara, gynamalara we hatda türmede ýitirim edilmä duçar bolup biljekdigine alada bildirýärler.

Türk syýasatçy 3-nji iýunda Türkiýedäki adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, Berdimuhamedowlaryň ýiti tankytçylary Orusowyň we Sahatowyň suratlaryny hem görkezdi. Olar 28-nji aprelden bäri Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýar.

“Türkmenistanda demokratiýanyň ýokdugyny tutuş dünýä bilýär. Türkiýe bolsa türkmen oppozisionerlerini Türkmenistana dolaýar, olary deportasiýa lagerine ýerleşdirýär” diýip, Omer Faruk Gergerlioglu çykyşynça nygtady.

“Iki türkmen aktiwisti: Abdulla Orusow we Alişer Sahatow saklanyp, deportasiýa lagerine ýerleşdirildi. Olaryň Türkmenistana gaýtarlan ýagdaýynda, olaryň janyna howp abanyp biler. Muny boldugyndan tiz bes etmeli.”

Türkmenistanyň hökümetini açyk tankyt edýän türkmen raýatlary soňky iki ýyl bäri Türkiýede yzly-yzyna basyşa sezewar bolýar.

2023-nji ýyldan bäri ençeme türkmenistanly Türkiýeden we Russiýadan gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.

Mundan başga-da, ýene bir türkmenistanly aktiwist Umyda Bekjanowa 29-njy maýda Stambulda raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan saklanyp, soňra deportasiýa merkezine ugradyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG